Arhiw

Balkan welaýatynda welosport merkezleri açylar

13:4316.01.2021
0
5545

Türkmenistanyň Welosport federasiýasy Welosport boýunça milli tehniki merkezi bilen bilelikde Balkan welaýatynda ýörite şahamçany açmak barada işleri alyp barýar.

Bu barada «Neýtranyý Turkmenistan» gazetinde habar berildi.

Welosport boýunça ýörite merkezler birnäçe ýyllap diňe Aşgabat, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde hereket edip geldi. 2017-nji ýyldan bäri Ahal we Mary welaýatlarynda hem sportuň bu görnüşine bolan isleg barha artýar. Eýýäm bu welaýatlarda welosportçylaryň toparlary hem hereket edýär. Mary welaýatynda bu işiň ýaýrawynyň Mary, Ýolöten, Baýramaly etraplaryna çenli baryp ýetendigini aýratyn nygtamak gerek.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 13 ― 17-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň