Türkmenabat şäherinde ýangyna garşy göreş gullugynyň täze binasy ulanmaga berildi

11:1116.01.2021
0
8153

Türkmenabat şäherinde Ýangyna garşy göreş gullugynyň täze edara binasy hem açylyp, ulanmaga berildi. Bu Lebap welaýatyndaky taryhy wakalaryň döwresinde ýene bir açylyş toýuna öwrüldi.

Şäheriň Alty Garlyýew adyndaky köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze bina mundan beýläk welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyna garşy göreş gullugynyň esasy dolandyryş merkezleriniň biri bolar. Munuň üçin onda ähli şertleriň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek.

Hususan-da, binanyň iş otaglary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bu tehnologiýalar ýangyna garşy göreş toparlary bilen uzak aralykdan gatnaşygy ozalkylaryndan has çalt alyp barmaga mümkinçilik berer. Bu ýerde oturdylan enjamlaryň käbiri welaýatda ilkinji gezek synagdan geçiriler.

Ýerli gurluşykçylar tarapyndan gurlup, ulanmaga berlen täze binada gullugyň işgärleri üçin hem ähli mümkinçilikler döredilipdir. Bu ýerde ýangyna garşy göreşiň özboluşly muzeýiniň açylandygyny hem aýtmak gerek. Muzeýde gullugyň gündogar sebitdäki taryhy bilen bagly möhüm gymmatlyklar bar. Muzeý bu hysyrdyly işiň taryhyň dowamynda ýeten sepgitlerine sary gaýybana syýahata alyp gidýär.

Täze binada ýangyna garşy göreş ulaglarynyň birnäçesini saklamak üçin garažlar hem göz öňünde tutulypdyr. Olarda ulaglara talaplara laýyk ideg etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Binanyň açylyp, ulanmaga berilmegi welaýatyň ýangyna garşy göreş gullugynyň işgärleri üçin ajaýyp sowgat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň