Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we ÝTÖB gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy

16:2415.01.2021
0
15223

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrlgiiniň, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümleri, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki gatnaşyklaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Daşary ýurt maýalaryny hem-de Diýarymyzyň telekeçilik ulgamynyň serişdelerini çekmek üçin ýurdumyzda döredilen amatly ýagdaýyň esasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmek bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny ösdürmekde “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň meýilanamalary häzirki zaman işewürlik ugurlaryny hem-de bank ulgamynda dolandyryş işini goldamak boýunça çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň