Akina ― Andhoý demir ýoly bir ýyldan daşalýan ýükleriň mukdaryny ýarym essä çenli artdyrmaga mümkinçilik berer

14:4015.01.2021
0
2011

Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, Akina ― Andhoý demir ýolunyň işläp başlamagy bilen,  daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de bu demir ýoly ulanmagyň ikinji ýylynda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar. Bu barada täze demir ýoluň açylyş dabarasynda aýdyldy.

Dabarada “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy hem-de Owganystanyň demir ýol ugurlary müdirliginiň ýolbaşçysy Akina-Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine taýýarlyk barada hasabat berdiler.

Owgan tarapy Türkmenistanyň Prezidentine bu taslamany amala aşyrmakda ýardam edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ugurdaş desgalary bolan polat ýoluň gurluşygynyň amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň demir ýol edarasynyň ýolbaşçylaryna minnetlarlygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň