Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Prezidenti: «Prezidentlige dalaş edýärkäm daşary syýasatymy Türkmenistandan başlajakdygymy aýdypdym»

12:1515.01.2021
0
1688

«Bir asyrdan gowrak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny dikeltmek Owganystan üçin uly hormatdyr» diýip, OYR-nyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani düýnki iri taslamalaryň açylyş dabarasynda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanyň Hökümeti we halky tarapyndan ýokary baha berilýändigini aýtdy.

“Ýedi ýyl mundan oň, prezidentlige dalaş eden wagtym menden daşary syýasatymy nireden başlajakdygymy sorapdylar. Şonda men Türkmenistandan diýip jogap berdim. Meniň jogabym watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly syýasatçylaryň ençemesini haýran galdyrypdy. Bu gün bolsa, olaryň iki doganlyk we goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary görüp, meniň jogabymyň dogrudygyna düşünendiklerine ynanýaryn” diýip, dostlukly ýurduň Baştutany Muhammad Aşraf Gani belledi.

«Owganystany we Türkmenistany öňden gelýän gatnaşyklar birleşdirýär, şol gatnaşyklar bolsa, tutuş taryhyň dowamynda üstünlikli bolup gelýär» diýip, Prezident türkmen-owgan gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň