Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda täze söwda dükanlarynyň 10-sy gurlar

10:2215.01.2021
0
16175

14-nji ýanwarda Hökümetiň Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Hususan-da, 2021-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Merkezi bazaryň durkuny täzelemek, şeýle hem Çärjew, Dänew, Saýat we Farap etraplarynyň merkezlerinde ýerleşýän iri dükanlaryň durkuny täzelemek meýlleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, unaş öndürýän we gök-miwe gaplamalaryny öndürýän önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi. Ol bazar gatnaşyklaryna geçmek şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we içerki bazary zerur bolan önümler bilen doly üpjün etmek hem-de eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak möhüm wezipeler bolup durýar.

Milletiň Lideri önümleriň hiliniň we görnüşleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň, diňe bir paýtagtymyzda däp, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň