Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş. Durdylyýew 14-nji ýanwarda Türkmenabat şäherinde geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gerek bolan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Habar berlişi ýaly, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary peýdalanyp, ýyllyk kuwwatlylygy 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýan himiýa önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Diýarymyzyň himiýa senagaty kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde has giňişleýin işlemek barada görkezme berildi.