Berdimuhamedow: «Türkmenistan mundan beýläk hem Owganystan bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirer»

09:2115.01.2021
0
1546

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Bu saparyň maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr ― diýip, TDH habar berýär.

Kabulda owgan hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen netijeli gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler guraldy.

Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi.

Mundan başga-da, Kabulda Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Owganystan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine, “açyk gapylar” syýasatyna, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň mundan beýläk-de Owganystanda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň