Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklanyldy

23:4114.01.2021
0
11484

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow 14-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany pudaklara serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi, energetika ulgamynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtobenzin, dizel ýangyjy we awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň