Türkmenabatdan Stambula ýene bir ýörite uçuş meýilleşdirilýär

22:2413.01.2021
0
31140

“Turkish Airlines” 15-nji ýanwarda, sagat 17:30-da Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçuşy meýilleşdirýär. Bu barada “Atawatan-Türkmenistan” gazeti, awiakompaniýanyň Aşgabatdaky şahamçasyna salgylanyp habar berýär. 

Has giňişleýin maglumaty “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan alyp bilersiňiz: Atatürk köçesiniň, 82-nji jaýy, otag А7-А8/“Berkarar” söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty.

Telefon: +993-610-144-33. 

Geçen ýylyň 22-nji dekabrynda Türkiýäniň ilçihanasy tarapyndan, Türkmenabat-Stambul aralygynda ýörite uçuş amala aşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň