Arhiw

Hytaýa tebigy gaz üpjünçiligi artdy

23:5012.01.2021
0
12043

Gyş sowuklygynyň başlanmagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna tebigy gaz üpjünçiligi artdy. Täze ýylyň ilkinji günlerinde gündelik tebigy gaz üpjünçiligi 100 million kub metre ýetdi

Adatdakylar ýaly, «Mawy ýangyjyň» esasy bölegi Türkmenistanyň tebigy gaz ýataklaryndan döwletara energiýa magistralyna iberilýär.

«Sinhua» habarlar gullugy we beýleki habar beriş serişdeleri bu barada habar berip, Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň 11 ýyl bäri durnukly işleýändigini bellediler. Günbatar turbageçiriji kompaniýasynyň habaryna görä, geçen ýyl Merkezi Aziýadan takmynan 39 milliard kub metr tebigy gaz import edilipdir.

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň 2009-njy ýylda işe başlaly bäri ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň umumy üpjünçiligi 336 milliard kub metrden geçdi. Bu gaz geçirijisi, Merkezi Aziýa we Hytaý ýurtlaryny birleşdirýän, strategik taýdan möhüm energiýa geçirijisidir.

Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisi ýurtlaryň arasynda özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Bu gaz geçirijiniň durnukly işlemekligi Hytaýyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmeklik we ekologiýa taýdan arassa «ýaşyl ykdysadyýetli» ösüşe geçmeklik üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýadan gelýän gaz, Hytaý Halk Respublikasynyň 27 welaýatynyň we özbaşdak (awtonom) sebitleriniň ilatyna, şeýle hem 500 milliondan gowrak ilaty bolan Gonkongyň ýörite dolandyryş sebitine iberilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan resurs bazasyny berkitmeklik we transmilli awtoulag ýolunyň infrastrukturasyny ösdürmeklik boýunça işlerini dowam etdirýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň