Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«MIR24» teleýaýlymy Aşgabadyň Modalar öýi dogrusynda gepleşik taýýarlady

16:4312.01.2021
1
20535

Aşgabatdaky Modalar öýi häzirki zaman modasynyň we milli däp-dessurlaryň soňky gazananlaryny özünde jemleýän lybaslaryň täze toplumyny hödürledi ― diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.

Teleýaýlymyň habarçysy Anastasiýa Şişkina bu sergide milli aýratynlyklary bolan, erkekler, aýallar we çagalar üçin häzirki zaman lybaslaryň bardygyny aýdýar.

Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýüniň ýolbaşçysy Mariýa Matylýewiç bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda şeýle gürrüň berýär:

― Moda görkezilişi diňe bir milli lybaslarymyzdan ybarat däl. Olar MIRAS markamyzyň dürli lybaslaryny hem öz içine alýar.

Modalar öýüniň işgäri Gülşirin Hallyýewa bolsa lybaslarda milli aýratynlyklaryň esasy öňe çykýandygyna ünsi çekdi.

Içerki we daşary ýurtly ýyldyzlar Aşgabadyň Modalar öýüniň hyzmatlaryndan peýdalanmakdan hoşal.

Çeşme türkmen dizaýnerleriniň işleriniň dünýä modasy üçin ajaýyp täzelik boljakdygyna ynanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
patriotturkmen ( 12.01.2021 )

Наши модели САМЫЕ КРАСИВЫЕ и наша одежда САМАЯ ЛУЧШАЯ. Вперёд Туркменистан!!

0