Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

23:5211.01.2021
0
6395

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň we A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň bilelikdäki “Parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýan, Gahryman Arkadag!” atly edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi.

Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada 2021-nji ýylyň şygarynda döwletimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlary, Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň, milli taryhy-medeni gymmatlyklara ygrarlylygynyň öz beýanyny tapýandygy nygtaldy.

2021-nji ýylyň “Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary paýtagtymyzyň teatrlarynyň, halk we estrada ýerine ýetirijileriň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň