Litwa Gruziýanyň adyny üýtgetdi

16:5011.01.2021
0
8272

Gruziýa resmi taýdan Litwa dili boýunça döwlet komissiýasy (VLKK) tarapyndan Sakartwelo adyny aldy. Bu barada «RIA Nowosti», «Sputnik Litwa»-nyň we ýurduň metbugat gullugynyň habarlaryna salgylanyp habar berýär.

Degişli karar 7-nji ýanwarda komissiýanyň başlygy Audris Antanaýtis tarapyndan kabul edildi.

Şeýlelik bilen, resminamada:

«Döwletleriň resmi atlary» bölümindäki Gruzija (Gruziýa) adyny aýyrmaly we onuň ýerini «Sakartvelas» (Sakartwelo) ady bilen çalyşmaly. diýip bellenilýär

2018-nji ýylda Litwa dili boýunça döwlet komissiýasy (VLKK)  Gruziýa  we onuň raýatlary üçin Sakartwelo we Sakartweloly diýen alternatiw at döretdi.

Çeşmäniň habaryna görä, Gruziýa resmi ady 2021-nji ýyla çenli dowam etdi, ýöne resminamalarda başga bir alternatiwa hem rugsat berildi.

«M.nedelia.lt»-iň habar berşi ýaly, şu gün Gruziýanyň ady döwletiň Litwadaky ilçihanasyndaky ýazgyda Sakartwelo ady bilen çalşyldy.

Gruziýanyň Litwadaky ilçisi Hatuna Salukwadze bu karary goldaýandygyny aýtmaklyk bilen:

«Litwa dünýäde ilkinji bolup Gruziýa hakyky adyny dakdy. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň Litwa bilen örän ýakyn, örän aýratyn gatnaşyklarynyň we hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysalydyr.» – diýip belledi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň