Soňky habarlar

Arhiw

«Ak bulut» «akylly» potoloklardyr diwarlyklary öndürer

16:1611.01.2021
0
1861

«Ak bulut» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljek­de teh­no­lo­gik ösüş­le­riň has soň­ky müm­kinçi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak arka­ly, «akyl­ly» po­to­lok­lar­dyr di­warlyk­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýär ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Bu ul­gam öýüň ýa-da bi­na­nyň ul­gam­la­ry­ny uzak ara­lyk­dan, san­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dyr­mak müm­kin­çi­li­gi­ni üp­jün eder.

Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýdy. Onuň ýokary hilli, göze gelüwli we ekologiýa taýdan arassa önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär.

Hojalyk jemgyýetiniň geçen aýda 11,5 müň inedördül metr möçberinde winil örtükli asma potoloklary eksport edendigini we ýakynda metal potoloklaryň önümçiligini ýola goýandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň