Soňky habarlar

Arhiw

«Ak bulut» metal potoloklaryň önümçiligini ýola goýdy

16:1311.01.2021
0
1771

«Ak bulut» hojalyk jemgyýeti ýa­kyn­da me­tal po­to­lok­laryň önümçiligini ýola goýdy ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Önümçiligine täzelikde girişilendigine garamazdan, olar eýýäm geçginli haryda öwrüldi. Onuň al­ýu­minden, de­mir­den ýa­sa­lan gör­nüş­le­ri berkli­gi, şeý­le-de çyg­ly­ly­gy ýo­ka­ry bo­lan ýer­ler­de ula­nyp bol­ýan­dy­gy we se­si ýaň­lan­dyrmaýan­dy­gy bi­len ta­pawut­lan­ýar.

Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýdy. Onuň ýokary hilli, göze gelüwli we ekologiýa taýdan arassa önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär.

Hojalyk jemgyýetiniň geçen aýda 11,5 müň inedördül metr möçberinde winil örtükli asma potoloklary eksport edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň