Soňky habarlar

Arhiw

«Ak bulut» geçen aýda 11,5 müň inedördül metr winil örtükli asma potoloklary eksport etdi

16:0911.01.2021
0
1673

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti geçen aýda winil örtükli asma potoloklaryň 11 müň 550 inedördül metrini eksport etdi ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda asma potoloklaryň önümçiligini ýola goýdy. Onuň ýokary hilli, göze gelüwli we ekologiýa taýdan arassa önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär.

Ýakynda önümçiligine metal potoloklary hem goşan hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri geljekde «akylly» potoloklardyr diwarlyklaryň önümçiligini hem ýola goýmagy meýilleşdirýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň