Hytaýyň günortasyndaky Sanýa şäheriniň Haýnan welaýatynda 2021-nji ýylyň 2-10-njy aprel aralygynda geçiriljek VI Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň möhleti yza süýşürildi. Bu barada Aziýanyň Olimpiýa geňeşine salgylanyp, «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň «7/24» hepdelik goşundysy habar berýär.
Bu karar ýaryşa gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny göz öňünde tutmak maksady bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Hytaýyň milli Olimpiýa komiteti we VI Kenarýaka Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti tarapyndan bilelikde kabul edildi. Ýaryşyň geçirilmeli senesi heniz kesgitlenilmedi.
Sanýa şäheri 2019-njy ýylyň martynda VI kenarýaka Aziýa oýunlaryny kabul etmek hukugyna eýe bolupdy. Bu ýaryşyň maksatnamasyna sportuň 16 görnüşi giri zilip, oňa suwda ýüzmek, suw pökgüsi, kenarýaka ýeňil atletikasy, basketbol, woleýbol, gandbol, futbol, göreş, gaýykly küreklemek, ýelkenli sport, sýorfing we başgalar girýär.
Ilkinji kenarýaka Aziýa oýunlary 2008-nji ýylda Bali adasynda, ýagny Indoneziýada geçirildi. Şondan bäri hem her iki ýyldan bir gezek geçirilmegini dowam etdirip gelýär. Sanýa şäherinde geçiriljek ýaryş Hytaý üçin ilkinji däldir. Çünki şeýle ýaryş 2012-nji ýylda Hytaýyň gündogaryndaky Haýýan şäheriniň Şandun welaýatynda hem guralypdy. Şeýle-de kenarýaka oýunlary Omanda (2010), Taýlandda (2014) we Wýetnamda (2016) hem geçirilipdi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi Türkmenistanyň VII Kenarýaka Aziýa oýunlaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek baradaky teklibine seredýär.