Arhiw

Lebapdaky maldarçylyk hojalyklarynda 14 müň tonna ot-bede taýýarlanyldy

10:3911.01.2021
0
1499

Lebap welaýatyndaky 8 sany maldarçylyk hojalyklarynda dürli görnüşli otlaryň 14 müňden gowrak tonnasy taýýarlandy. Bu bolsa borçnamalaýyn tabşyrygyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Taýýarlanylan şonça otuň 105 tonnasy ýorunja bedesi, 3267 tonnasy meýdan otlaryň bedesi, 10101 tonnadan gowragy iri baldakly otlar, 1337 tonnadan gowragy bolsa samanlardyr.

Mundan başga-da, mallar üçin möhüm iýmit bolan arpanyň 59 tonnasy taýýar edildi. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşmesiniň maldarçylyk boýunça hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, taýýarlanan ot-iým gory maldarçylyk hojalyklarynda ideg edilýän 222,5 müňden gowrak dowary dok we ýyly gyşlatmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem gyş döwründe mallary abat, ýitgisiz we ýyly saklamak üçin welaýat boýunça ýyly kaşarlaryň 370-den gowragy, agyllaryň hem 113-si gözden geçirildi.

Aýratyn hem Köýtendag etrabyndaky «Dagly», Halaç etrabyndaky «Garagum», Döwletli etrabyndaky «Amyderýa» maldarçylyk hojalyklary nusgalyk işleri alyp barýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň