Soňky habarlar

Arhiw

Angliýanyň raýatlary 2021-nji ýylda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegi wada berýär

13:1210.01.2021
0
4397

Angliýanyň Jemgyýetçilik saglygy goraýyş guramasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, 18 ýaşdan geçen 5000 iňlis raýatynyň 80 göterimi 2021-nji ýylda ýaşaýyş durmuşyny üýtgetmeklik kararyna geldi.

Habarda, 18 ýaşdan uly 10 adamyň 8-siniň şu ýyl durmuş ýörelgesini üýtgetmeklik isleýändigi, şol 10 uly adamyň 7-siniň bolsa koronawirus (COVID-19) sebäpli sagdyn durmuşda ýaşamaga höweslidigi bellenilýär.

Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ýanwar aýynda ilatyň ýarysy diýen ýaly (43%)  öz durmuşyna üýtgeşmeler girizmeklik isleýär. 40 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky 6 million töweregi ulular:

  • sagdyn iýmitleri iýmitlenmeklik (40%);
  • horlanmaklyk (39%);
  • has köp maşk etmeklik (41%) –  bilen meşgullanmaklyk isleýär.

Maglumatlarda görkezilişi ýaly, semizlik “COVID-19” ýokançlygyna sezewar adamynyň "reanimasiýa" mümkinçiligini ep-esli ýokarlandyrýar.

Adaty çilim çekýänleriň 10-dan (43%) 4-si 2021-nji ýylda çilimi taşlamagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, Hökümetiň koronawirus ýokanç keseliniň täze görnüşiniň ýurtda giňden ýaýramagy zerarly ikinji gezek girizen karantin çäklendirmesi mahalynda alkogol içgilerini köpeldenleriň (45%)  ýarysy diýen ýaly şu ýyl alkogol içgilerini azaltmaklyk isleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň