Soňky habarlar

Arhiw

«Arassa Rysgal» atly türkmen şereketiniň önümçiligi guradylan miwelerden haryt nyşanly aýakgaplara çenli ösdi

15:2409.01.2021
0
16362

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň web sahypasynyň habaryna görä, häzirki wagtda «Arassa Rysgal» atly türkmen şereketiniň «Gerçek» haryt nyşanly aýakgaplary Türkmenistanda gaty meşhurdyr. Bu hususy kärhananyň önümleri Türkmenistan ýurdunyň bäş welaýatynda ýerlenýär we goňşy ýurtlara hem eksport edilýär.

«Arassa Rysgal» hususy kärhanasynda 40000-den gowrak rezin aýakgap bilen 80000 sany sport aýakgaby öndürildi we ýyllyk önümçilik ösüp, 6 million jübüt aýakgaba ýetdi.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň web sahypasynyň habaryna görä, 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli bütindünýä işewürliginde ýüze çykan ýagdaýlara garamazdan, «Arassa Rysgal» hususy kärhanasy amallaryň mukdaryny saklamaklygy başardy we 2019-njy ýyldakydan has köp önüm öndürdi. Bu kärhana, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň maliýeleşdirmegi hem-de işewürlik maslahatlary netijesinde öz işine başlady.

Ondan öň «Arassa Rysgal» hususy kärhanasynyň eýesi Aýhan Rejepowyň işi guradylan miweleri we hozlary satmaga gönükdirilipdi. Ol her gün 1,5 tonna önümi dolandyrmalydy. Şonuň üçin hem Aýhan özüniň köpugurly önümçilik zolagyny döretmeklik hakda pikir etdi.

Tejribeden Aýhan bilýärdi, oba ýerlerindäki zenan ilatynyň arasynda aýakgaplaryň iň meşhur görnüşleri zerurdy. Ol howa ýagdaýlary hemişe gurak we yssy bolansoň, şeýle şertler üçin amatly aýakgaplaryň önümçiligini ýola goýmaklygy niýet edindi. Şeýlelik bilen, Aýhan 2015-nji ýylda «Gerçek» haryt nyşany bilen ilkinji aýakgap önümçiligine başlady. Ol şol döwürde içerki bazarda agdyklyk edýän daşary ýurt aýakgap önümleriniň ornuny tutýan önümi hödürlemekligi baş maksat edindi.

Ilkibaşda «Arassa Rysgal» hususy kärhanasy ýekeje enjam ulanyp, 20 işgäri hakyna tutdy, ýöne Aýhan örän tiz wagtyň içinde işini giňeltmegi başardy. Häzirki wagtda önümçilikde 400 işgär bar, olaryň 65 göterimi zenanlardyr.

Telekeçi Aýhan Rejepow:

«Aýakgap önümçiligine ilkinji başlan aýlarymyzda önümçiligi dolandyrmaklyk gaty kyn düşýärdi. Söwda etmeklikde gowy tejribämiz bar bolsa-da, önümçiligi nädip dolandyrmalydygyny bilmeýärdik. Bu babatda ýene-de bir kynçylyk bolsa, içerki önüme bolan ynamsyzlygy ýeňip geçmekdi. Şol döwürde «import» sözi alyjylara «hil» manysyny berýärdi. Olaryň pikirini üýtgetmeklik üçin tutuş bir möwsüm gerek boldy.» – diýip belledi.

«Arassa Rysgal» hususy kärhanasy ilkinji gezek önümleriň görnüşini diwersifikasiýa etmeklik maksady bilen täze ussahanalary, ammarlary we enjamlary maliýeleşdirmeklik üçin Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankyna ýüz tutdy.

Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki «Kiçi Telekeçilik üçin Maslahatlar» maksatnamasynyň esasynda maliýeleşdirilýän «Arassa Rysgal» hususy kärhanasy önümleriniň hilini, guramaçylyk gurluşyny, marketing we satuw amallaryny gowulandyrmaklyk üçin tejribeli halkara geňeşçisini getirdi. Şeýlelik bilen, bu kärhana öz iş meýilnamasyny düzdi we maliýe dolandyryş ulgamyny kämilleşdirdi.

«Tejribeli halkara geňeşçisi bize köp kömek etdi. Şondan soň, öňki iş usulymyz bilen häzirki iş usulymyzyň arasynda diýseň uly tapawudyň bardygyna anyk-aýdyň göz ýetirdik. Biz tejribeli halkara geňeşçisiniň goldawyny almadyk bolsak, hiç haçan beýle üstünlige ýetip bilmezdik.» – diýip telekeçi Aýhan Rejebow belleýär.

Netijede, «Arassa Rysgal» hususy kärhanasy öz ussahanalarynyň gurluşygy hem-de täze enjamlary satyn almaklyk üçin 2 million ABŞ dollary möçberindäki pul serişdelerini Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankyndan maliýeleşdirmekligi başardy. Aýhanyň munuň bilen çäklenmeklik niýeti ýok. Onuň geljek üçin ägirt uly meýilnamalary bar.

Bu babatda Aýhan Rejebow:

«Täze maýa goýum taslamasynyň kömegi bilen, import edilýän çig mallara garaşly bolmazdan, doly önümçilik tapgyryny durmuşa geçirip bileris, ilaty has amatly aýakgaplar bilen üpjün ederis we zenanlar üçin ýene 200 sany iş ýerini dörederis.» – diýip belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň