Soňky habarlar

Arhiw

Owganystany benzin bilen üpjün etmekde Türkmenistan öňdeligi eýeleýär

14:0509.01.2021
0
10959

Türkmenistan Owganystany benzin bilen üpjün etmek boýunça birinji ýerde durýar, şeýle hem dizel ýangyjy we suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edýän iň uly üç ýurtdan biridir. Bu barada "Owganystan: Şu gün" saýty Owganystanyň Milli statistika we maglumat dolandyryş gullugynyň (NSIA) maglumatlaryna salgylanyp, habar berýär.

Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň 9 aýynda 337 müň tonnadan gowrak motor benzini we dürli markalaryň takmynan 40 müň tonna dizel ýangyjy, 147 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz, 4 müň tonnadan gowrak gaz kondensaty, takmynan 1,4 müň tonna polipropilen we nebit-gaz toplumynyň beýleki önümleri eksport edildi. Olaryň umumy bahasy 230 million ABŞ dollaryndan gowrak.

Mundan başga-da, 140 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjy, 30 müň tonna awiasiýa kerosini we beýleki ýangyç we energiýa önümleri ýaly nebit önümleri muzdsuz iberildi. 2020-nji ýylyň üç çärýeginiň netijelerine görä, olaryň bahasy 180 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň