Perişde we gyzyl ýürek – alymlaryň Marsda gören şekilleri

20:2308.01.2021
0
11996

«Tomusyň gelen Marsyň günorta ýarym şaryndaky üýtgeşik şekiller ýüze çykaryldy. Bu şekilleriň biri perişde, beýlekisi bolsa gyzyl ýürekdir.» - diýip, «mir24.tv»-e  «Live Science»-e salgylanyp habar berýär.

Alymlaryň pikirine görä, şekiller buz eränsoň ýüze çykypdyr.

Perişdäniň kellesiniň töweregindäki nimbi düşündirmeklik gaty aňsat: muny suratda görseňiz,  onuň gadymy gaýalaryň gatlaklaryny açyp, ýeriň ýüzüne çöken asman daşynyň (meteoritiň) täsirinden dörän ýanardag agzydygyna (kraterdigine) göz ýetirersiňiz. 

Suratdaky gök we gyrmyzy ýerler pes belentlikleri, gyzyl, sary we ak ýerler bolsa has beýik belentlikleri görkezýär. Iň gadymy gatlaklarda ýürekde görünýän goýy gyzyl reňk bar.

Şeýle gara gaýalar bütin ýer ýüzünde duş gelýär, ýöne alymlar henizem onuň düzümini takyk kesgitlemediler. Gaýalaryň wulkan atylma netijesinde gara reňke öwrülendigine bilen  ynanylýar. 

Surat, 2004-nji ýyldan bäri Gyzyl planetanyň daşyndan aýlanýan EKA-nyň «Mars Express» kosmos enjamy bilen düşürilen.

Adatça planetanyň günorta ýarym şarynyň tutuş meýdany 400 km giňlikde buz ýapgysy bilen örtülýär we yssy möwsüm sebäpli syrly gurluşlar görünýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň