Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguzdaky maldarçylyk toplumynda et we süýt önümleriniň onlarça tonnasy öndürildi

12:0608.01.2021
0
4710

Daşoguz welaýatyndaky döwrebap maldarçylyk toplumynda öndürilen dürli görnüşli et we süýt önümleri bagtyýar maşgalalaryň baýramçylyk saçaklaryna aýratyn bezeg berdi. Iň kämil enjamlar ornaşdyrylan bu kärhana geçen ýyly önümçiligiň ähli ugurlary boýunça ýokary netijeler bilen jemledi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bu ýerde ýylyň dowamynda 61 tonnadan gowrak et we et önümleri öndürilip, 1,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Her bir şanly senäni täze zähmet üstünliklerine besleýän toplum boýunça geçen döwrüň içinde öndürilen süýt we süýt önümleriniň möçberi 4700 tonnadan geçdi.

Bu ýerde gaýtadan işlenilen süýtden alynýan önümleriň hem möçberi ep-esli ýokarlandy. Toplumda peýniriň hem dorogyň 69 tonnasy, turşadylan süýt önümleriniň 350 tonnadan gowragy, mesgäniň hem 118 tonna golaýy öndürilip, söwda nokatlaryna iberildi. Döwrüň ösen talabyna laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýan azyk önümleriniň ähli görnüşleri ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar.

Kuwwatlylygy ýylda 2 müň tonna süýdi we 120 tonna eti gaýtadan işlemäge barabar bolan kärhanada şu ýyl uludan toýlanýan milli Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp zähmet sowgadyny taýýarlamak üçin önümçilik-tehnologik çäreler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň