Soňky habarlar

Arhiw

Magtymgulydaky kärhanada geçen ýyl 530 müňe ýakyn örme önümleri, 14 müň jübüt aýakgap öndürildi

12:0208.01.2021
0
5248

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatyndaky iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan Magtymguly şäherindäki Tikin we aýakgap fabrikler toplumynyň hünärmenleri şu günler iş depginlerini has-da ýokarlandyrýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhananyň geçen ýyl gazanan önümçilik görkezijileri bu asylly maksadyň myrat tapjakdygyna şaýatlyk edýär.

Has takygy, işgärleriň agramly bölegi gelin-gyzlar bolan bu häzirki zaman kärhanasynda arka atylan ýylda tikin we örme önümleriniň jemi 529 müň 143-si, aýakgap jübütleriniň bolsa 14 müň 200-si taýýarlanylyp, 16 million 576 müň manatlykdan gowrak iş bitirildi. Netijede, tutuş toplum boýunça geçen ýyl önüm öndürmek baradaky meýilnama 140 göterim berjaý edildi.

Önümçiligiň ösüş depginini ep-esli ýokarlandyryp, taýýar önümleriň 16 million 512 müň manatlyga barabaryny müşderilere ugratmagy başaran toplumyň hünärmenleri şu günler asylly maksatlara ýetmek üçin täze belentliklere tarap has-da ynamly gadam urýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň