Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda bilim işgärleriniň ýanwar maslahaty geçirildi

11:5608.01.2021
0
2579

Türkmenistanda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Okuwlaryň barşynda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň, innowasion tehnologiýalary, sanly serişdeleri sapakda giňden peýdalanmagyň netijeli usullaryny, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribesini öwrenmek, ýaýratmak, şeýle-de ýaş nesli ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere üns çekildi.

Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bu okuwlaryň barşynda umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini hem-de ýaş nesle netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi.

Iki günlük usuly-amaly okuwlar netijeliligi we guramaçylyk derejesi bilen tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň