Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

11:4608.01.2021
0
5010

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň Kararlary bar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda bolup geçen has ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärelere, iri forumlara hronologiýa yzygiderliliginde gysgaça syn berilýär.

Okyjylar “Täze neşirler” rubrikasynda milli Liderimiziň döreden “Türkmen alabaýy” atly eseriniň, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işiniň 11-nji jildiniň, şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly saýlanan eserleriniň 12-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary bilen tanşyp bilerler.

Degişli makalalaryň tapgyry döwlet arhiw gullugynyň esasy wezipeleriniň birine — resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde ministrlikleriň, edaralaryň we kärhanalaryň iş-önümçilik düzümlerine usulyýet kömegini bermek işine bagyşlandy.

Merkezi döwlet arhiwiniň döredilmeginiň 90 ýyllygy hakynda makala aýratyn orun eýeleýär.

Žurnal her sanynda ýurdumyzyň geçmişi hakynda täze bilimleri öz içine alýan makalalary çap edýär. Mysal üçin, neşiriň sahypalarynda guýularyň görnüşleri hem-de gurluşy, çölde suwy gazyp almagyň usullary we görnüşleri hakynda makalalar ýerleşdirildi. Ol ýerde XIX asyryň binagärliginiň gadymy ýadygärligi — Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde ýerleşýän Daşsaraý köşgi hakynda taryhy maglumatlar bar.

Türkmen öýüniň içki bezeginiň taryhyna bagyşlanan makalada awtor taryhy çeşmelere salgylanyp, türkmen öýleriniň binagärligi hem-de onuň gadymy şadessanlarda we çeper eserlerde beýan edilişi barada gürrüň berýär.

Şeýle hem žurnalyň syn berilýän sanynda “Türkmen halysy — halkyň ýüzüniň tuwagy” atly makalada ýurdumyzda halyçylygyň gadymy gelip çykyşy hakyndaky arhiw maglumatlary we subutnamalary getirildi.

Neşiriň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli fotomateriallaryň baý mazmunly toplumy ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň