Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Hytaýyň henan welaýatynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyklar ýola goýlar

23:5107.01.2021
0
13937

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenýüpek” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary” we “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.

Türkmen-hytaý söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda döwrebap logistika ulgamyň döredilmegi hem ýardam edýär. Ol tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegine gönükdirilendir.

Pikir alyşmalaryň dowamynda netijeli gatnaşyklaryň ýol kartasyny düzmek üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, teleduşuşyklaryň netijeli boljakdygy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň üçin ähli zerur şertleriň we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny nygtadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň