Arhiw

Türkmenistanda geçen ýyl umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desga işe girizildi

09:5407.01.2021
0
1864

2020-nji ýylda Türkmenistanda umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desga işe girizildi ― diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan taýýarlanylan ýörite sahypada aýdylýar.

Ýylyň dowamynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýokary hilli keramiki önümleri öndürýän, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda demirbeton önümlerini çykarýan iri zawodlar, Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda gury gurluşyk garyndylary we gips kartony kärhanasy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bezeg metal önümleri zawody ulanylmaga berildi.

Şeýle hem geçen ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berlendigi aýratyn guwançly ýagdaýdyr.

Bulardan başga-da, geçen ýylyň dowamynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi we Estetiki merkez, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirki zaman «Bagabat» şypahanasy, Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda welaýat Ýokanç keseller hassahanasy işe girizildi.

Häzirki döwürde umumy şertnama bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu gurluşyklar durmuşa geçirilýän taslamalaryň örän giň gerimlidigi bilen tapawutlanýar.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ajaýyp binalar gurulýar, täze iri ýaşaýyş toplumlary döredilýär. Müňlerçe kilometre uzaýan tizlikli awtomobildir polat ýollar gurlup, halkara ähmiýetli ulag üpjünçilik ulgamlary emele getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň