Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda USIDFC-niň ýolbaşçysynyň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

09:4107.01.2021
0
5195

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFС) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmalaryň çäklerinde, ykdysadyýetiň hususy ulgamyna, kiçi we orta işewürlige, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek bilen baglylykda, maliýe, maslahat beriş we tehniki taýdan goldaw bermegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada maglumat berildi. Amerikaly hyzmatdaşlara bu gazna gatnaşmak teklip edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň innowasion ugrunyň, amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurt kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen oňyn hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge ajaýyp şertleri döredýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ösüş gaznasynyň döredilmegi (С5 Fund) bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin garamaga Türkmenistanyň taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi sebit üçin senagat we ulag düzümlerini, oba hojalygyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň