Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gruziýa awiakerson eksport ediji esasy döwletleriň biri bolmagynda galýar

21:1906.01.2021
0
7645

Türkmenistan Gruziýany awiasiýa kerosini bilen esasy üpjün edijileriň hataryndaky ornuny saklap gelýär. Geçen ýylyň 11 aýynyň dowamynda dostlukly döwlete 40 müň tonnadan gowrak uçar ýangyjy eksport edildi. Bu bolsa ýurduň awiakerosin importynyň umumy mukdarynyň 80 göterimine deň boldy. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijiler birleşigi habar berýär.

Türkmenistan indi birnäçe ýyldan bäri Gruziýa awiakerosin eksport ediji esasy döwletleriň biridir. Şol bir wagtda Gruziýanyň Türkiýeden we Rumyniýadan hem awiakerosin satyn alýandygyny aýtmak gerek.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öndürýän beýleki nebit önümlerine-de uly isleg bildirilýär. Hususan-da, geçen ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda biziň ýurdumyzdan gruzin bazaryna 93 müň tonnadan gowrak benzin we dizel ýangyjy ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň