Soňky habarlar

Arhiw

«Belawiýa» Türkmenistana uçuşlaryň togtadylmagyny uzaltdy

17:4405.01.2021
0
26495

Belarus awiakompaniýasy Minskden Aşgabat şäherine ýolagçy gatnawlarynyň togtadylmagyny 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli uzaldýandygyny habar berdi.

Latwiýanyň paýtagty – Riga bilen Russiýanyň "Domodedowo" howa menzilinden başga ähli nokatlaryna uçuşlaryň bes edilmegi 31-nji ýanwara çenli uzaldyldy. Wengriýa (Budapeşt) we Gazagystana (Almaty) uçuşlar 27-nji marta çenli togtadyldy.

Belarus awiakompaniýasynyň ýolagçylary üçin uçuş möhletiniň yzyna gaýtarylmagy ýa-da üýtgedilmegi 2021-nji ýylyň 30-njy martynda çenli güýje girer. Uçuşlar boýunça soraglar üçin gyzyklanýan adamlar kassa ýa-da "Belawiýanyň" wekilhanalaryna we goldaw hyzmatlaryna ýüz tutup bilerler.

Belawiýanyň Minsk – Aşgabat – Minsk gatnaw ugry bilen hepdede bir gezek Boeing-737 uçary bilen yzygiderli uçuşy amala aşyrandygyny ýatladýarys. Türkmenistanyň paýtagtyna uçuşlar sişenbe güni, çarşenbe güni gaýdyp uçuş bilen amala aşyryldy.

Bütin dünýäde uçuşlaryň togtadylmagy koronawirus pandemiýasynyň ýaýrama howpy bilen baglanyşykly.

Belawiýanyň häzirki ugurlary barada maglumaty şu ýerden alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň