Soňky habarlar

Arhiw

AFK iri halkara ýaryşlaryň nyşanlaryny özgertdi

22:5104.01.2021
0
5723

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy milli we klub ýaryşlarynyň nyşanlaryny özgertdi.

Şu gün bu barada AFK-nyň resmi web saýtynda habar berildi we saýtda esasy yklymlaýyn ýaryşlaryň täze nyşanlary hödürlenildi.

Özgerdilen nyşanlaryň arasynda 2022-nji ýyldaky dünýä çempionaty üçin Aziýa boýunça saýlama duşuşyklaryň, Aziýa kubogynyň, zenanlaryň arasyndaky Aziýa kubogynyň, ýaşlaryň arasyndaky Aziýa  çempionatynyň we yklymyň iň meşhur klublaýyn ýaryşlary bolan AFK-nyň Çempionlar ligasynyň we AFK-nyň kubogynyň nyşanlary bar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň AFK-nyň doly ygtyýarly agzasydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň