Aşgabatdaky Baş arça GDA-da iň belent arça

22:3904.01.2021
0
20959

Aşgabatdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde dikilen ýurdumyzyň Baş arçasy GDA agza döwletlerindäki ähli baýramçylyk arçalarynyň arasynda iň beýigi hökmünde ykrar edildi. «TurStat» portaly bu arçanyň beýikliginiň 41 metre ýetýändigini ýazýar.

Ikinji orunda Özbegistandaky (36 metr), üçünji orunda Belarus Respublikasyndaky (30 metr) baýramçylyk arçalary bar.

Gazagystandaky we Gyrgyzystandaky baýramçylyk arçalarynyň boýunyň 25 metre ýetýändigini habar beripdik.

Şu ýyl Kremldäki baýramçylyk arçasy hem 25 metr belentlikde dikildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň