"Syn Toprak" HJ her aýda "EMEL" zyýansyzlandyryjy serişdeleriniň 20 müň çüýşesini öndürýär

16:2004.01.2021
0
7204

“Syn Toprak” HJ-niň önümçiligi bolan “EMEL” söwda nyşany bilen antiseptik, zyýansyzlandyryjy serişdeler satuwa çykaryldy. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

Kärhana düzüminiň 80 göterimi spirt bolan zyýansyzlandyryjy serişdeleri 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda öndürip başlady.Täze önüm Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan makullanyldy.

Öndüriji aýda antiseptigiň 20 müň çüýşesini çykarýar.Zyýansyzlandyryjy serişdelerden başga-da uly bolmadyk kärhanada limon we lawanda ysly atyrlaryň önümçiligi hem ýola goýlandyr. Geljekde hoşboý ysly serişdeleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem saçyň düşmegine garşy täsirli şampunlaryň, duş üçin gelleriň we ş.m. önümçiligine başlamak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň