Soňky habarlar

Arhiw

Ýyldyzlara 2021-nji ýylda näme garaşýar?

12:0631.12.2020
0
208482
Ýyldyzlara 2021-nji ýylda näme garaşýar?

Täze 2021-nji ýyl Ak Metal öküz nyşanynyň astynda geçer. Aslynda öküz jandary – zähmetsöýer we päk ýürekli haýwan, Metal öküzi bolsa edeplilige, sözüňde durup bilmeklige, sabyrlylyga aýratyn baha berýär. Bu häsiýetleri bolmadyk adamlar ýyl eýesiniň närazylygyna duçar bolarlar. 

Ähli ýyldyzlar üçin Cosmopolitan-dan ýyllyk täleýnamasy.

Hamal 

2021-nji ýylda eden işleriniň netijesi diňe Hamallara däl, eýsem onuň daş-töweregindäkilere-de has belli bolar. Bolan zatlaryň ählisi biderek bolmadygy mälim bolar, şonuň üçin biraz rahatlanyp we demiňizi dürsäp bilersiňiz: maddy ýa-da başga bähbitde ýüze çykjak has üýtgeşik netijä hut Öküz ýylynda ýetip bilmegiňiz örän ähtimaldyr. Astrologlaryň Hamallar üçin Öküz ýylynyň örän şowly hasaplamaklary ýöne ýerden däldir. 

Sowur

Meýilleşdiren zatlaryny amal etmek üçin ýetmedik güýji Sowurlara hut Öküziň özi bermegi örän ähtimal, öň amala aşyrmak üçin ýetmedik hereketlendiriji güýç bolup öň gizlenip ýatan mümkinçilikler we zehinler  2021-nji ýylda  ýüze çykar. Bu ýyldyzyň astynda doglan erkek adamlar we aýal maşgalalar başlan işleriniň aglaba böleginde we telekeçilikde üstünlik gazanarlar. Maksatlar dogry goýlan ýagdaýynda iş üstünlikleriň döwri geler. 

Jöwza

Jowza ähli wajyp çözgütlere ünsli çemeleşmeli bolarlar – käbir faktorlary üns merkezinden düşüren halatynda bolsa, ýüze çykan ýagdaýy düzetmek üçin köp wagt sarp etmeli bolarlar. Öküz ähli täze başlangyçlara ýardam eder, sebäbi Jowzalar bu ýylda şowlylaryň hatarynda bolarlar, muňa garamazdan bütinleý Öküze daýanmak nädogry bolar, öňünde goýan maksatlaryna ýetmek üçin yhlasly çemeleşmeli bolarlar.

Seretan 

2021-nji ýyl Seretanlar üçin üýtgeşmeleriň ýyllary bolmagy ahmal. Seretanlaryň  pikirleri özgerer, olar bilen birlikde bolsa,  köp zada – telekeçiligi ýöretmeklige, gatnaşyklaryna, dostluga bolan garaýyşlary hem üýtgär. Bu ýyl täze tanyşlyklaryň, öňki gatnaşyklaryň berkejek we ýol ugry däl adamlar bilen hoşlaşyljak döwür bolar. Seretanlaryň maşgala ýagdaýy durnukly bolar, düýpli özgertmelere garaşmagyň geregi ýokdur. 

Ýolbars

Ýolbarslar çözmesi aňsat düşmejek meseleleriň çözgüdini özbaşdak kabul etmeli bolarlar. Bu jogapkärlik uly peýda getirer: telekeçilik ilerlär, derejäňiz artar, işleriňiz girdejili bolar. Wajyp işleriňizi näbelli möhlete goýmak ýerliksiz bolar, netijesi isleýşiňiz ýaly bolmasa-da, çözgüdi kabul etmek gerek.  Bularyň ählisi gaharjaňlyga eltip, saglygyňyza täsirini ýetirip biler, şonuň üçin iň bolmanda kiçi zatlar üçin gaharlanmazlygy ýyldyzlar maslahat berýär. 

Sünbüle

Iş ýeriňizde işlemeli, has anyk aýdanda örän köp zähmet çekmeli bolarsyňyz. Yhlaslaryňyzyň ählisi bahalandyrylar, ol dereje basgançagyňyzda ýokary çykmagyňyz, baýraga eýe bolmagyňyz bilen, işgärleriňiz arasynda sylag-hormat bilen aňladylyp bilner. Esasy zat – öz nokadyňyzy tutmak, öňe hereket edip, meýilnama boýunça hereket edip bellenen maksatlaryňyzdan yza dänmezligi ýyldyzlar maslahat berýär. Iň çykgynsyz ýagdaýda-da çykalganyň bardygyny unutmaň. 

Mizan

Mizanlar Öküz ýylynda ähli zadyň özüne baglydygyny unutmaly däldirler. Dogry kabul edilen çözgütler baýraksyz galmaz, ýöne göýberilen ýalňyşlyklary düzetmek üçin birnäçe hepdeler, hat-da aýlar hem gerek bolar. Geljek täze ýylda täze belentliklere ýetmek mümkinçilikleriňiz bolar: ýokary wezipelere eýe bolup bilersiňiz, zähmet hakyňyzyň has hem ýokarlanmagyna dalaşgärlik edip bilersiňiz. Emma üstünlik siziň daş-töweregiňizdäkilere däl-de, özüňize bagly bolar. Astrologlar Mizanlar üçin şowly ýyl boljakdygyndan habar berýärler. 

Akrap 

Haýsy ugurdygyna garamazdan durmuşyňyzda bir zat üýtgetmek üçin töwekgelçilik etmegiňiz ýalňyşlyk etdigiňiz bolmaz.  Üstünlik siziň tarapyňyzda bolar, iň gaýratly çözgüdiňiz hem dogry bolup çykar, ýöne daş-töweregiňizdäkiler muňa ýeterlikli baha bermezlikleri mümkin. Saýlanan ugruň dogrudygyny wagt subut eder, üýtgeşmeleriňizi wagtynda goldamadyk kärdeşleriňiz we ýakynlaryňyz Akraplaryň dürsligini kabul ederler. Maşgala islendik ýagdaýda-da erkek Akraplaryň tarapynda bolarlar. 

Kowus

Kowuslaryň üstünligi olaryň kärdeşleri we hyzmatdaşlary bilen gatnaşygyny ýola goýmagy bilen bagly bolar. Ýola goýlan gatnaşyk ýokary sepgitlere ýetmeklige ýardam berer, düşünişmezlikler bolsa, tersine prosesiň haýal hereket etmegine getirer. Işiňiz ösmek bilen bolsa, netijesi haýran galdyryjy bolar. Maşgalasyz Kowuslar özüne laýyk taý tapynmak ähmtimallygy ýokarydyr, maşgalaly Kowuslar bolsa, öz ýoldaşlary bilen baglanşygyny duýarlar. Şowluluk – Kowuslar üçin ýetip gelýän ýylyň bir alamaty.

Jedi

Öňde goýlan maksatlara ýetmekde Jedileriň öňünde birnäçe päsgelçilikler duş geler. Isleglerine diňe ýakynlary we hyzmatdaşlary bilen gatnaşygyny gowy saklap päsgelçilikleri ýeňip geçenler ýetip biler. Iň esasy zatlary öňe çykaryp, ikinji derejeli zatlary ortadan aýyryp, ähmiýetli zatlary öňe çykarmak zerurdyr. Maşgala bular üçin goldaw daýanjy bolup hyzmat eder. Durmuşa çykmadyk Jedi üçin Öküz ýyly maşgala gurmak üçin gowy ýyllaryň biri hasaplanylýar.

Daluw

Daluwlar üçin Öküz ýyly döredijilikli ösüşiň, meýilleşdirilenlere ýetiljek, öz pikirlerini dünýä ýaýmakda mümkinçilikler ýyly bolar. Olar köpçülik tarapyndan gyzgyn garşy alynar, ýoň bolmadyk çözgütler bolsa, meseleleri çözmäge ýardam eder. Geljek ýylda Daluwlar iş we şahsy durmuş bilen bagly bolan ýakymly duýgulary başdan geçirerler. 

Luw

2021-nji ýylda beýleki ýyldyzlara seredende has köp üstünliklere eýe bolup bilerler. Luwlar haýran galdyryjy iş başarjaňlygyny duýarlar, pikirler edil çüwdürim ýaly atylyp durar, bu pikirleriň amal bolmagy bolsa hakykat bolup görner.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň