Soňky habarlar

Arhiw

“Ak Tam Bazary” söwda platformasy esasy sahypanyň dizaýnyny üýtgetdi.

15:0730.12.2020
0
4129

“Ak Tam Bazary” web sahypasynyň topary, täze ýyla çenli ýene-de esasy sahypanyň dizaýnyny üýtgedip, web sahypasyna girýänler üçin gözlemegi we saýta göz aýlamagy aňsatlaşdyrdy.

Sahypalary açmak we ähli zerur zatlary ýüklemek tizligi hem ýokarlandy.

Ýaňy-ýakynda onlaýn saýtda rebrending geçirilendigini, netijede sahypanyň işiniň tutuşlygyna gowulaşandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

“Ak Tam Bazary” web sahypasynyň söwda toparynyň habaryna görä, 2020-nji ýylyň dowamynda söwda meýdançasynda gurluşyk materiallaryna şeýle-de içerki we daşarky gapylara we elektrik enjamlaryna bolan isleg artdy (başda Ak Tam Bazary gurluşyk materiallary üçin onlaýn dükan hökmünde kabul edildi). Netijede platformanyň gerimi has hem giňedi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň