Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada daşary ýurtly talyplara diplomlaryny uzakdan goramaga rugsat berilýär

12:4430.12.2020
0
6808

Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly talyplary öz Watanlaryndan Russiýanyň çägine girip bilmeýändikleri sebäpli diplomlaryny sanly bilim ulgamynyň esasynda uzakdan gorap bilerler. Bu barada Russiýanyň bilim we ylym ministri Waleriý Falkow habar berdi

Falkow Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynyň  daşary ýurtly talyplaryň ýagdaýyna düşünmelidigini aýtdy we häzirki okuw ýylynda pandemiýa sebäpli köp derslerden yza galan ýerli hem daşary ýurtly talyplar üçin sanly bilim ulgamynyň esasynda aýratyn meýilnama düzmelidigini nygtady.

Şeýle hem Falkow, akademiki rugsada gaty köp galynmagynyň sessiýadan geçip bilmeýän ýerli hem daşary ýurtly talyplar üçin  zyýanlydygyny aýtdy we  bu ýagdaýyň öňüni almaklyk üçin häzirki döwürde sanly bilim ulgamynyň esasynda bilim bermekligiň örän zerurdygyny belledi. 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň