Soňky habarlar

Arhiw

“Hyjuwly Laçyn” gozgalmaýan emläk meselelerini çözmäge kömek etmek hyzmatyny hödürleýär.

16:5829.12.2020
0
7137

Hyjuwly Laçyn” gozgalmaýan emläk gullugy, paýtagtyň we beýleki sebitiň ýaşaýjylaryna gozgalmaýan emlägi satyn almak we satmak üçin jaý saýlamak,şeýle hem ýaşaýyş jaýyny kärendesine bermek boýunça hyzmatlary hödürleýär.

“Hyjuwly Laçyn” on ýyldan gowrak wagt bäri gozgalmaýan emläk we gurluşyk meseleleri bilen meşgullanyp gelýär. Agentligiň hünärmenleri köp ýyllaryň dowamynda ilata hyzmat etmekde uly tejribe gazandylar. Her bir müşderi bilen ähli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, aýry-aýry şertnama baglaşylýar, bikanun amallaryň ýerine ýetirilmezligi üçin bolsa satuw obýektleriniň kanuny ýagdaýy barlanylýar.

Agentlik satmak ýa-da kärendesine almak üçin ygtybarly maglumatlar bazasyna eýe bolup, gozgalmaýan emlägiň ähli görnüşleri bilen işleýär, ýagny: kaşaň we adaty ýaşaýyş jaýlary, hususy jaýlar we täjirçilik emläkleri we ş.m.

“Hyjuwly Laçyn” ýakyn wagtda iň amatly usuly saýlap boljak katalog bilen öz web sahypasyny açmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň