Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda täze elektronika harytlary dükany açyldy

16:1229.12.2020
0
14290
Daşoguz welaýatynda täze elektronika harytlary dükany açyldy

Täze ýylyň öň ýanynda Daşoguzda telekeçä degişli «Elektronika dünýäsi» dükany açyldy. Iki gatly täze bina S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Al-Horezmi geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýär, ol köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda boş ýatan ýerde guruldy. Giň we ýagty söwda zallarynda iri hem-de ownuk durmuş enjamlary, daşary ýurtlaryň hem-de ýerli belli önüm öndürijileriň dürli ähmiýetli durmuş elektronikasy enjamlary goýlan. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde hususy eýeçilikdäki döwrebap söwda edaralarynyň sany barha artýar. Olaryň bir bölegi dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatynda, beýleki bölegi edara we ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda ýerleşdirilen. Meselem, ýerden rejeli peýdalanmagyň mysaly bolan şeýle dükanlar Merkez-3, Nowruz etrapçalarynyň, Şagadam köçesiniň hem-de şäher merkeziniň ýaşaýjylaryna hyzmat edip başlady. Şäher ýerleriniň şeýle tygşytly ulanylyp gurulmagy durmuş düzümlerini ösdürmäge we ýerleri hem-de hereket edýän inženerçilik kommunikasiýalaryny we desgalaryny rejeli peýdalanmagyň hasabyna söwda hyzmatyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň