Soňky habarlar

Arhiw

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna türkmen milli oýunlarynyň bäşisi teklip edilýär

14:4826.12.2020
0
9505

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler zalynda milli sport oýunlaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden milli sport oýunlarymyz bilen bagly wekiller gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň başlygy Şöhratguly Myratgulyýew milli oýunlaryň halkara derejesinde ýeten sepgitleri barada çykyş etdi. Hususan-da, şu ýylyň başynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň III halkara maslahatyna gatnaşyjy hökmünde ol Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlaryna türkmen milli oýunlarynyň hem birnäçesini girizmek bilen bagly meselä seredilendigini ýatlatdy.

Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda geçiriljek IV halkara maslahatda kabul ediler. Ýöne meşhurlygy ýyl-ýyldan artýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlarynda «sadranç», «takylatdy», «peçiz», «düzzüm» we «bäş daş» ýaly milli oýunlarymyzy görüp bileris.

Ýeri gelende aýtsak, «bäş daş» Angliýanyň paýtagty London şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Akyl-paýhas oýunlary boýunça bütindünýä olimpiadasynyň maksatnamasyna hem girýär. Indi bolsa bu gyzykly milli oýnumyz 2021-nji ýylyň güýzünde Türkiýede geçiriljek Çarwadarlaryň III bütindünýä oýunlary arkaly meşhurlygyny has-da artdyryp biler.

Şu gezekki onlaýn maslahatda edilen çykyşlarda milli sport oýunlarymyzy mekdep maksatnamasyna hem girizmek bilen bagly teklipler orta atyldy. Bu ädim ýaşlary milli däp-dessurlarymyzyň ruhunda terbiýelemäge ýardam berer diýlip, maslahatda aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň