Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyşnebit» Çelekende nebit çykarmak boýunça meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi

12:0726.12.2020
0
2541
«Galkynyşnebit» Çelekende nebit çykarmak boýunça meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi

Çeleken ýarymadasynyň geljegi uly ýerleri hünärmenleriň çaklamalaryna görä, özünde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny saklaýar. Bu ýerde uglewodorodlary çykarmak işini «Türkmennebit» DK-nyň «Galkynyşnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrýarlar.

Müdirligiň hünärmenleri önümçilikde häzirki zaman tehnikalaryny we tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýärler, uglewodorod serişdelerini çykarylyşyny yzygiderli artdyrýarlar. 2020-nji ýylyň 11 aýynda hereket edýän guýulardan «gara altynyň» çykarylyşy 44 müň 410 tonna barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 116,5 % ýerine ýetirildi.

Öňdebaryjy innowasion tejribäni ornaşdyrmak arkaly müdirligiň nebitçileri işiň hil babatda täze derejesine çykdylar. Dagajyk meýdançasynda ýerleşen, öndürijiligi pes bolan № 636 guýuda burawçylaryň güýji bilen onuň debitini artdyrmak boýunça çäreleriň birnäçesini durmuşa geçirdiler. Netijede goşmaça nebit akymy alyndy. Häzirki wagtda guýynyň gündelik öndürijiligi 25 tonna barabardyr.

Şeýle hem 1200 metr çuňlukda № 654 guýyny burawlamak işi ýokary depginlerde dowam edýär.

Şu ýylyň başyndan bäri, gury ýerlerde ýerleşen birnäçe guýuda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Guýulary işläp taýýarlamak işi 1200-1270 m taslama çuňlugynda amala aşyrylýar. Şeýle hem nebit öndürijiligini artdyrmak maksady bilen pes öndürijilikli guýularyň çäklerinde 50-100 kub metr möçberli rezerwuarlar oturdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň