Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gymmat bahaly metallary we daşlary Internetden satyn alyp bolar

23:4025.12.2020
0
18148
Türkmenistanda gymmat bahaly metallary we daşlary Internetden satyn alyp bolar
Surat: turkmenistan.gov.tm

Häzirki wagtda Merkezi bankyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň internet web-saýtynyň taslamasyny işläp düzmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Onuň sahypalarynda degişli habarlar, gaznanyň esasy iş ugurlary, garamagyndaky dükanlaryň salgysy, öndürilýän milli şaý-sepleriň, nyşanlaryň, ýadygärlik sowgatlaryň we beýleki önümleriň görnüşleri baradaky maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow habar berdi.

Bu saýtda müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, şol sanda öndürilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly tölegleri kabul etmek meýilleşdirilýär.

Täze saýtyň işe girizilmegi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmekde nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň