Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi brifing geçirdi

18:0425.12.2020
0
6420

Şu gün Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýerkebulan Sapiýew 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçiriljek Milli Parlamentiň Majilisine geçiriljek saýlawlar barada metbugat ýygnagyny geçirildi.

Gazagystanyň ilçihanasynyň metbugat beýanatyna görä, «Yyldyz» myhmanhanasynda geçirilen çärä Aşgabatda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, şeýle hem Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri we daşary ýurt agentlikleriniň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde Ý.Sapiýew Gazagystan Respublikasynyň saýlaw ulgamy, Mejlisiň gurluşy we işi barada jikme-jik gürrüň berdi. Şeýle hem ýurduň kanun çykaryjy guramasy ― Majilisiň aşaky palatasyna geçiriljek saýlawlar barada durup geçdi.

Çärä gatnaşyjylara Gazagystanda geçirilen soňky syýasy özgertmeler barada jikme-jik maglumat berildi. Şolaryň arasynda syýasy partiýalary hasaba almagyň bosagasynyň iki esse azalmagy, Parahatçylykly ýygnaklary guramagyň we alyp barmagyň tertibi baradaky kanuna üýtgetmeleri girizmek, parlament oppozisiýasynyň institutyny girizmek, 29 ýaşa ýetmedik aýal-gyzlaryň we ýaşlaryň syýasy partiýalardan dalaşgärleriň sanawyna hökmany goşulmagy ýaly meseleler bar.

Gazagystanyň ilçisi şu güne çenli hasaba alnan 14 ýurtdan we 4 halkara guramasyndan gelen synçylaryň alyp baran işleri barada hem maglumatlary berdi. Daşary ýurtlarda işleýän saýlaw uçastoklary barada maglumatlar hem ýetirildi. Hususan-da, Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndaky 266-njy saýlaw uçastogynda, bu ýurduň ähli raýatlarynyň 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda sagat 7:00-dan 20:00-a çenli ses berip biljekdigi aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň