Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabat ― Moskwa aralygynda ýene bir ýörite uçuş amala aşyryldy

16:3725.12.2020
0
30788

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenabatdan Moskwa çenli ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy.

Russiýanyň «Sibir» awiakompaniýasynyň S78536 belgili uçuşy bilen 172 adam Russiýa alnyp gidildi.

Bu uçuş pandemiýa başlany bäri Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan guralan altynjy ýörite uçuşdyr.

Ýakyn geljekde Türkmenistandan Russiýa ýene-de iki sany ýörite uçuş meýilleşdirilýär. Olar 2021-nji ýylyň 25-nji we 30-njy ýanwarynda bolar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin 18-nji dekabrda metbugat wekilleri üçin geçirilen onlaýn brifingde mälim edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň