Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenawtoulaglary» Täze ýyl gijesinde awtobus we taksi hyzmatlaryny bökdençsiz ýola goýar

16:1625.12.2020
0
77140

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Täze ýyl baýramynda ilata ýokary hilli we medeni ulag hyzmatlaryny hödürlemek maksady bilen, Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäher awtobuslarynyň hereketleri barada habar berýär. «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Aşgabatdan Gökdepe we Änew şäherlerine barýan ugurlar 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda irden 6: 00-dan 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda sagat 02: 00-a çenli işlediler. 

Şeýle hem, ilata ýolagçy taksileri gije-gündiziň dowamynda hyzmat ederler.

Ulag hyzmatlary barada sowallar bilen aşakdaky telefon belgilerine hem ýüz tutup bilersiňiz:

  • Aşgabat – Awtobuslar üçin (+99312) 44-33-91, 44-33-90; taksiler üçin 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03;
  • Mary şäheri - (+993522) 7-96-22, 5-65-75, 5-60-12;
  • Türkmenabat şäheri - (+993422) 6-29-01, 6-34-37;
  • Daşoguz şäheri - (+993322) 6-62-87, 6-07-04;
  • Balkanabat şäheri - (+993222) 6-79-06, 6-66-06;

Türkmenbaşy şäheri - (+993243) 4-79-24, 4-79-35.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň