Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bekre balyklary tutmaga girizilen gadagançylygy uzaltdy

13:3225.12.2020
0
16945

Türkmenistan beýleki Hazarýaka döwletleri ― Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we Gazagystan bilen bilelikde Hazar deňzinde bekre balyklarynyň täjirçilik maksatly tutulmagyny gadagan etdi.

Taraplar, şeýle hem gadaganlyk döwri barada ylma esaslanan täzelenen teklipleri bermäge razy boldular.

Hazar deňziniň biologiki baýlyklaryny aýawly saklamak, olardan paýhasly peýdalanmak we paýnamalaryny dolandyrmak boýunça topar 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleri tarapyndan Astrahanda gol çekilen şertnamanyň esasynda döredildi.

2016-njy ýylyň ýazynda güýje giren bu şertnama ähli gatnaşyjy döwletler tarapyndan tassyklandy. Resminama, gatnaşyjy döwletler üçin hökmany bolan karar kabul etmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Toparyň ilkinji mejlisi 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Bakuda geçirildi.

Geňeşiň wezipeleri, suwuň bilelikdäki biologiki baýlyklaryny gorap saklamak, köpeltmek we tygşytly peýdalanmak boýunça çäreleri utgaşdyrmak, her ýyl rugsat berilýän balyk tutuşlygy kesgitlemek we milli kwotalary paýlamak ýaly çäreleri öz içine alýar.

Geňeşe käbir sebitlerde balyk tutmagy gadagan etmegi we belli bir döwür üçin çeşmeleriň käbir görnüşlerine degişlilikde çäklendirmelere esaslanýan umumy suw biologiki baýlyklaryny gorap saklamak arkaly balyk tutmagy kadalaşdyrmak hukugy berildi.

Hazar deňzi bekre balyklarynyň sany we görnüşleriniň dürlüligi boýunça dünýädäki iň baý suw howdanydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň