Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp elektron enjamlaryň önümçiliginde nanotehnologiýadan peýdalanmagy teklip edýär

15:1324.12.2020
0
4474

Soňky ýyllarda elektron enjamlaryň — telewizorlaryň, kompýuterleriň, mobil telefonlaryň, routerleriň we beýlekileriň öz ýurdumyzda öndürilip başlanmagy ählimizi begendirýär. Ýurdumyzda öndürilen smart telewizorlar eýýäm köpimiziň öýümizde bar, ýerli kompýuterlerdir telefonlar hem köpelip başlady. «Aýdyň gijeler», «Agzybirlik tilsimaty» ýaly ýerli kärhanalarda öndürilýän elektron enjamlaryň hil, aýratynlyk babatynda daşary ýurtlarda öndürilýänler bilen bäsleşip bilmegi bolsa has-da ýakymly ýagdaýdyr. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Enejan Babaýewa öz ylmy gözleglerini bu enjamlaryň ekranlarynyň saýgaryjylygyny has-da ýokarlandyrmaga bagyşlady. Munuň üçin bolsa ol nanotehnologiýadan peýdalanmagy teklip edýär.

NÄME ÜÇIN NANOTEHNOLOGIÝA?

Adamzat tehnologiki ösüşiň ýolunda, adatça, tebigy serişdelerden ýa-da molekulýar derejede emeli ýasalan zatlardan peýdalanyp geldi. Häzir bolsa fizika ylmy gaty jisimleriň üstüni öwrenmegi möhüm meseleleriň biri edip goýdy. Munuň iki sebäbi bar. Birinjisi, häzirki zaman ýarymgeçiriji enjamlary ýasamagyň tehnologiýasynyň submikron derejä geçmegidir. Ikinji bir sebäp bolsa, uly mümkinçilikleri bolan çip görnüşli gurluşlaryň göwrüminiň däl-de, üstüniň esasy orny eýeleýändigidir. «Nanotehnologiýa» atly täze bir ylym bu işleri atom derejesinde gurnamak bilen, atomar ölçeglerdäki önümleri döretmäge ýol açdy. Tejribeler bolsa nano derejedäki ölçeglerde edilýän her bir işiň ozalkylaryndan has tapawutlydygyny görkezdi. Şeýle tehnologiki, ylmy-barlag, önümçilik işlerini içgin öwrenmek, olarda ulanylan tilsimleriň aňyrsyna göz ýetirmek ylmyň häzirki wajyplyklarynyň hataryndadyr.

NANOTEHNOLOGIÝA NÄME?

Nanotehnologiýa nusgawy we kwant mehanikasynyň aralygynda doly düşnükli bolmadyk bir ugur boýunça iş alyp barýan tehnologiýa hökmünde-de häsiýetlendirilýär. Nanotehnologiýada tebigata belli bir derejede öýkünmäge we zatlaryň binýadyny atomdan tutmaga çalşylýar. Şol sebäpli häzirki wagtda köp mukdarda zyýanly galyndylara hem-de daşky gurşawyň hapalanmagyna sebäp bolýan yzygiderli önümçilik senagatyndan «nanotehnologiýa» diýlip atlandyrylýan atom ululykdaky önümçilik senagatyna geçilip başlandy. Başgaça aýtsak, nanotehnologiýa has arzan, howpsuz, arassa we ýokary girdeji getirýändigi üçin uly ähmiýete eýedir.

NANOTEHNOLOGIÝA WE ELEKTRON SENAGATY

Elektron senagaty babatynda dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen bäsdeşlige girmegiň ilkinji şertleriniň biri önümçilikde nanotehnologiýa esaslanmakdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda elektron enjamlary öndürýän ilkinji bilelikdäki kärhanalar peýda bolup başlady. Olaryň önümçiliginde nanotehnologiýadan peýdalanmak dünýä bazary üçin hem giň ýollary açyp biler.

Aslynda, häzirki zaman tehnologiýalarynyň ösüşiniň binýadynda zontly mikroskobyň kömegi bilen täze enjamyň üstüniň gurluşyny kämilleşdirmek durýar. Munuň üçin ýörite mikroskoplardan peýdalanylýar. Olaryň biri hem skanirleýji, zontly mikroskopdyr.

ATOMLARY SAÝGARYP BILÝÄN MIKROSKOP

Orta mekdepde okaýarkak ösümlikleriň öýjükleriniň, gaty gitse, käbir molekulalaryň hereketine syn etmäge mümkinçilik berýän mikroskoplar bilen tanşypdyk. Ýöne şeýle bir mikroskop bar: molekuladan hem ownuk bölejikleriň — atomlaryň arasyndaky hereketleri dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Ol — skanirleýji, zontly mikroskopdyr.

Enjam nähili işleýär? Bu barada Enejan şeýle düşündiriş berýär:

— Onuň iş usuly gaty jisimden ýasalan zont barlag edilýän nusganyň örän kiçi nano aralyklarda öwrenilýän gurluş bilen özara täsirine esaslanýar. Bu enjam zont bilen materialyň arasynda elektrik, magnit, akustiki, optiki, elektrohimiki we beýleki tolkunlaryň döremegi netijesinde barlag edilýän gurluşyň elektron we kristallik düzümini öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle mikroskoplaryň biri «Nanoedýukator-II» diýlip atlandyrylýar. Ol köp wezipäni ýerine ýetirip bilýän ylmy-okuw enjamydyr. Oňa başgaça — atomlaryň aralygyndaky döreýän güýçleri ölçeýji mikroskop diýilýär. Bu enjamda çylşyrymly tehnologiki hadysalardan baş çykaryp, kämil derejede peýdalanmagy başarmak nanotehnologiýa daýanýan önümçiligiň esasy syrlarynyň biridir.

NANOBÖLEJIKLER NÄHILI ALYNÝAR?

Munuň üçin zonduň ýiteldilen uçly tarapy peýdalanylýar. Zonduň hereketi bolsa naprýaženiýa arkaly dolandyrylýar. Hut şu hereketi dolandyryp, litografik işler geçirilýär. Umuman, nanolitografiýa birnäçe usulda geçirilýär. Skanirleýji, zontly mikroskop ony wektor we raster usullarynda geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýaş alym Enejan Babaýewa ylmy ýolbaşçysynyň kömegi bilen bu iki usuldan peýdalanyp, nanoobýektleri döretmegi başardy. Nanotehnologik operasiýalar CD sygymly diskiň 5x5 ölçegdäki ulanylmadyk meýdançasynda, şeýle hem slýuda kristalynyň ýüzünde 5x5 ölçegli nusgasynda ýerine ýetirildi. Hut, şu usul bilen hem nanobölejikleriň matrisasy döredildi we onuň ölçegleri kesgitlenildi. Şeýlelikde, bir bölejigiň täsiri 2,5-den 3,5 nanoampere, ädimi 0,100, tizligi sekuntda 0,025, matrisasynyň ölçegi bolsa 0,658 inedördül nanometre deňdir. Bölejigiň öz ölçegi 50 inedördül nanometre, nokatlarynyň sany bolsa 64-e deň boldy.

Nanobölejikler — üç ölçegi nanoderejede bolan gurluşyň bölejigidir. Olara başgaça «Emeli atom» hem diýilýär. Sebäbi şeýle nanobölejikleriň energiýa derejeleri aýratyn duran atomyňky bilen çalymdaşdyr. Bu bölejikler ýagtylygy has ýokary hilde şöhlelendirmäge ukyplydyr.

HUT, ŞONUŇ ÜÇIN HEM...

Şeýle nanobölejikleriň matrisasy ýokary saýgaryş ukyby bolan ekranlary döretmäge mümkinçilik berýär. Ýaş alym bu işi bilen elektron enjamlary öndürýän kärhanalara nanoelektronika önümçiligine geçmegi teklip edýär.

— Eger telewizorlaryň, kompýuterleriň ekranlary nanobölejikleriň matrisasynyň esasynda döredilse, ondaky şekiller hakykata has ýakyn bolardy. Bu matrisalary saglygy goraýyş ulgamynda hem ulanyp bolar. Ulgamda nanoekranly kompýuterler ulanylanda, ýerine ýetirilýän operasiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga has uly mümkinçilik bar. Umuman, nanotehnologiýa daýanýan islendik ekran beýleki bäsdeşlerinden ep-esli tapawutlanýar — diýip, ýaş alym işiň ähmiýetini düşündirýär.

YHLASA — MYRAT

Ylmy ýolbaşçysy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Patyşaguly Ataýewiň ýolbaşçylygynda talyplygynyň ikinji ýylynda bu işe girişen ýaş alym onuň ähmiýeti babatynda ýerli metbugat sahypalaryndan başga-da, mugallymlarynyň ýardamy bilen Gazagystanyň we Belarus Respublikasynyň ylmy neşirlerinde çykyş etdi. Elektron enjamlaryň önümçiliginde nanotehnologiýa daýanmak pikiri hünärmenler tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. «Nanobölejikleriň matrisasynyň esasynda ýokary saýgaryş ukyply ekranlary döretmek mümkinçiligi» atly işi bilen ýaşlaryň arasyndaky ylmy bäsleşikde birinji orny eýelän talyp gyzyň pikirlerine türkmenistanly önüm öndürijiler — hususyýetçiler hem uly gyzyklanma bildirýärler. Iş babatynda degişli patent — ygtyýarnama alnansoň, ony durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlar hem ýok däl. Çünki ýurdumyzda elektron senagatyň geljegi juda ýagty. Nesip bolsa, geljekde Türkmenistan milli elektron markalary bilen dünýä çykar. Göz öňüne getirmesi hem ýakymly başlangyja goşant goşmak ýaş alym — Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Enejan Babaýewa üçin belent mertebe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň