Soňky habarlar

Arhiw

Dukanym.com.tm onlaýn platformasy Täze ýyl sertifikatlaryny ulanmagy teklip edýär

13:4424.12.2020
0
11073

Täze ýyl - hemmeler üçin köpden bäri garaşylýan ajaýyp baýramçylyk. Bu baýramçylykda her kim öz ýakynlaryny, kärdeşlerini, dost-ýarlaryny sowgat bilen begendirmek isleýär.

Emma, köplenç: «Näme sowgat bermeli?» diýen sorag ýüze çykýar.

Bu meselede, esasanam ýolbaşçylar kynçylyk çekýär, sebäbi, olaryň kärdeşleriniň hersiniň halaýan tagamlary we islegleri üýtgeşik. Hut şu nukdaýnazardan hem, sowgat satyn alnanda, nädip ýalňyşlyk goýbermän, adamlary hakykatdan-da begendirip bolar?

Bu ýagdaýda, Dukanym.com.tm web sahypasynda hödürlenýän önümlere 10 göterim arzanladyş bilen sowgat sertifikatlaryny  satyn almaklyk Siziň üçin iň oňat usul bolar.

Dukanym.com.tm web sahypasyndaky köp görnüşli dürli harytlaryň arasyndan her kim özüne zerur zady tapar.

Täze ýyl sowgat sertifikatlaryny şu ýylyň 29-njy dekabryna çenli kesgitlän mukdaryňyzda satyn alyp bilersiňiz.

Sertifikatlary satyn almak isleseňiz, telefon arkaly habarlaşyň:

+99312 75-44-50;     +99363 29-96-80.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň