Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby fransuz dilinde neşir edildi

23:4523.12.2020
0
4384

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň fransuz dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Çärä gazetleriň hem-de žurnallaryň redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, ylmy işgärler gatnaşdylar.

Şeýle hem sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen çärä Fransiýanyň milli ylmy-barlag merkeziniň ylmy işgäri, türkmen-fransuz arheologiýa toparynyň ýolbaşçysy, arheolog H.Bendezu-Sarmiýento hem-de “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy K.Burdeý gatnaşdylar.

Çykyşlarda türkmen Lideriniň täze pelsepewi-edebi eseriniň umumydünýä siwilizasiýasynyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine uly üns berýän döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesidigi nygtaldy.

Hususan-da, halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny öwrenmäge ömrüni bagyşlan arheolog H.Bendezu-Sarmiýento taryhy maglumatlara esaslanan bu işiň baý mazmunyny belledi. Alymyň nygtaýşy ýaly, “Türkmenistan rowaçlygyň ýurdy bolup, bu ýerde myhmansöýerlik, sahylyk we dostluk – onuň uly baýlyklarynyň biridir”.

Öz nobatynda, Kristian Burdeý “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň fransuz dilinde neşir edilmeginiň türkmen-fransuz gatnaşyklaryny ösdürmekde möhümdigini nygtady. Munuň özi onuň ýolbaşçylyk edýän “Fransiýa-Türkmenistan” dostluk jemgyýetiniň baş maksady bolup durýar.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabyň fransuz dilinde neşir edilmegi dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hemmetarapalýyn pugtalandyrmak işine hyzmat eder. Bu waka netijeli halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge, şol sanda ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda çuňlaşdyrmaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň